“Türkmen kärhanalary üçin eksportyň geljekki ösüş mümkinçilikleri” atly tegelek stol görnüşli duşuşyk

06.05.2022

Maý aýynyň 05-ne Ýewropanyň Täzeleýiş we Ösüş Bankynyň (ÝDÖB) Türkmenistandaky wekilhanasynyň gurnamagynda, Aşgabat şäheriniň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň kärhanalary üçin eksportyň geljekgi ösüşi boýunça tegelek stol görnüşinde maslahat geçirildi.
Maslahata, Тürkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň wekilleri, daşary ýurtlarda isleg bildirilýän eksporta gönükdirilen türkmen önümlerini öndürýän kärhanalaryň ýolbaşçylary we telekeçileri, şeýle hem ulag-logistika we eksporta degişli beýleki hyzmatlary hödürleýän kärhanalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.
Maslahata gatnaşyjylar, ýurtda kiçi we orta işewürligiň bäsdeşlige ukyplylygyna, innowasiýalaryň höweslendirilmesine we ÝDÖB-nyň gatnaşmagynda “USAID agentliginiň Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylygy, söwda we iş orunlaryny döretmek boýunça Maksatnamasy (CTJ)”, “USAID-iň Türkmenistanda telekeçiligi we işewürligi ösdürmek Maksatnamasy”,  “Kiçi telekeçilik üçin maslahat beriş Maksatnamasy” we 2022-nji ýylda täze göýberilen “Sebitiň eksportçylaryna goldaw Maksatnamasy” ýaly halkara taslamalaryň çäklerinde, Türkmenistanda bar bolan işewürlik maslahatlaryny we okuwlaryny hödürlemegiň üsti bilen, iş başarnyklaryň kemçiliklerini düzetmäge gönükdirilen täze mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Şeýle hem duşuşykda, Türkmenistanda kärhanalaryň we guramalaryň ösüşi ugrundaky çözgütler boýunça ýöriteleşdirilen MCT Agentligi (“Netijelilik” HJ) maslahat beriş kompaniýasyndan “Türkmenistanyň eksportçylary üçin Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň bazarlaryna geçirilen synyň” netijeleri mälim edildi.
Tegelek stola gatnaşyjylar, bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gymmatly pikirleri we teklipleri orta atdylar.