Halkara söwda merkeziniň guramagynda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça sebitleýin duşuşyk geçirildi

13.05.2022

2022-nji ýylyň maý aýynyň 11-13-i aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherinde “Söwda amallaryny ýeňilleşdirişiň çäklerinde, içerki ýol kartalaryndan başlap sebitleýin derejede utgaşdyrylan özgertmelere çenli” atly tema bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler, Ýewropa Bileleşiginiň Wekilýetleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet Gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de “Türkmen Logistika” milli Assosiasiýasynyň wekilleri sanly wideo-aragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Duşuşyk, ikitaraplaýyn we sebitleýin utgaşygyny talap edýän söwda amallaryny ýeňilleşdiriş boýunça özgertmeler babatynda ählumumy ylalaşygy baglaşmak, olary durmuşa geçirmekde ileri tutulýan işleri kesgitlemek, Merkezi Aziýadan Ýewropa Bileleşigine gidýän söwda akymyna täsir edýän çylşyrymly ýagdaýlaryň umumy meselelerini we oňyn netijeli çözgütlerini kesgitlemek hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin söwda amallaryny ýeňilleşdirmekde ýüze çykýan tendensiýalary we bilelikdäki amalyýeti ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen guralyp geçirildi.
Çäräniň gün tertibiniň çäklerinde, gepleşikleriň işjeňleşmegine we tejribe alyşmalara gönükdirilen ýokary derejeli mejlisleriň, mowzuklaýyn maslahatlaşmalaryň we interaktiw sessiýalaryň geçirilmegi göz öňünde tutuldy.