Bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy tassyklandy

20.05.2022

2022-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilen «Türkmen Logistika» Milli Assosiasiýasy jemgyýetçilik birleşigi bilelikde 2025-nji ýyla çenli ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasyny tassykladylar.

Gol çekişmek dabarasyndan pursat

Ikitaraplaýyn meýilnamanyň esasy maksady, Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga gönükdirilen başlangyçlaryny hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini çuňňur öwrenmek esasynda, hünär öwreniş we hünär kämilleşdiriş okuwlaryny guramak bolup durýar.
«Türkmen Logistika» Milli Assosiasiýasy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk 2021-nji ýyldan bäri dowam etdirilip gelýär.