“Ulag logistika hyzmatdaşlygy” jemgyýetiniň milli koordinatorlary bilen onlaýn duşuşyk geçirildi

30.09.2022

2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda “Merkezi Aziýada Ulag we logistika hyzmatdaşlygy” jemgyýetiniň milli koordinatorlary bilen döwrüň wajyp meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi. Maslahata Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň milli koordinatorlary, şeýle hem TCA USAID-ň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda 12-13-nji oktýabr aralygynda Astana şäherinde Merkezi Aziýa Söwda forumyny geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma ULH-ň milli koordinatorlaryny we dürli ýurtlaryň ulag-logistika pudagynyň wekillerini gatnaşmaga çagyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de, bu forumyň dowamynda Bütindünýä gümrük guramasy we Ýaponiýanyň hem-de Polşanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Doly Ygtyýarly Ykdysady Operatoryň statusyny kabul etmek boýunça seminaryň geçiriljekdigi hem bellenip geçildi. Duşuşyga gatnaşyjylar bu çäräni geçirmek boýunça gyzykly teswirler we teklipler bilen çykyş etdiler.