“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler

21.12.2022

2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekdiler.
 Ähtnama hyzmatdaşlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge, maglumat we beýleki maslahat hyzmatlaryny bermäge, Assosiasiýanyň agzalary bilen içerki öndürijiler we eksportçylar, şeýle hem daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda özara gatnaşyklaryň beýleki görnüşlerini berkitmeklige gönükdirilendir.