“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen DAI Global LLC kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtanama gol çekildi

01.03.2023

Şu gün, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasyny (USAID TCA) durmuşa geçirýän DAI Global LLC kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy sebitiň ykdysady ösüşiniň depginini artdyrmak we ykdysady mümkinçilikleri giňeltmek üçin söwda gatnaşyklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri goldaýan we tehniki goldawy berýän maksatnamadyr.
Ähtnamada hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, üpjünçilik zynjyrlaryny we halkara ulag gatnawlaryny kämilleşdirmek meselelerine netijeli çözgüt tapýan häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak, logistika boýunça dünýä tejribesini öwrenmek üçin halkara bilermenleriň gatnaşmagynda seminarlary we duşuşyklary guramak, logistika ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak we olary kämilleşdirmek üçin okuw kurslaryny we seminarlaryny geçirmek kesgitlenildi.

Şeýle hem dabarada, 2023-nji ýylda ýerine ýetirilmeli çäreleriň üç taraplaýyn meýilnamasyna gol çekildi. Meýilnama laýyklykda, Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy we Logistika we ulag institutynyň sebit merkezi (CILT Merkezi Aziýa) bilen hyzmatdaşlykda tematiki okuwlaryň, webinarlaryň, logistika boýunça hünär sapaklarynyň, işewürligi goldamak boýunça maksatnamalaryň we beýleki çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy we onuň agzalary häzirki wagtda  ýaş hünärmenlere we zenanlara hünär we kär goldawyny bermek üçin CILT Next Generation (Ulag we logistika boýunça ýaş hünärmenleriň global jemgyýeti) we WiLAT (Logistika we ulag ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň bileleşigi) ýaly taslamalara işjeň gatnaşýar.