Ulag diplomatiýasy okuw merkezinde üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça okuw sapagy geçirildi

02.03.2023

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag diplomatiýasy boýunça okuw merkezinde “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň hünärmeniniň gatnaşmagynda “Türkmenistanyň üstaşyr geçelge mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, ulag gatnawlarynda üstaşyr päsgelçilikleri aradan aýyrmak hem-de gümrük iş usullaryny ýönekeýleşdirmek we kämilleşdirmek boýunça halkara tejribeleri ornaşdyrmagyň ähmiýeti” atly temada okuw sapagy guraldy. Çäre “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde geçirilip, oňa Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary çagyryldy.
Okuw sapagynyň dowamynda ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik kuwwatynyň artýandygy bellenilip, Ýewraziýa sebitiniň möhüm ulag taslamalary bolan Demirgazyk-Günorta, TRASEKA, “Lapis-Lazuli”, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Katar, Hazar deňzi-Gara deňzi ulag koridorlarynda Türkmenistanyň tutýan orny barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de, Assosiasiýanyň ýerine ýetirýän işleri we onuň agzalary bolan hususy pudagyň wekilleriniň üpjün edýän logistika hyzmatlary bilen tanyşdyryldy. Okuw sapagynyň dowamynda talyplar sapagyň temasy we ýük gatnawlarynyň guralyşy boýunça özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdylar.