Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag diplomatiýasy boýunça okuw merkezinde okuw sapagy geçirildi

10.05.2023

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň hünärmeniniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag diplomatiýasy boýunça okuw merkezinde “Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda geçirilýän hökümetara hyzmatdaşlygy boýunça ikitaraplaýyn hökümetara toparlarda ulag pudagy babatynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ykdysady ähmiýeti” atly temada okuw sapagy guraldy. Çäre “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde geçirilip, oňa Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary çagyryldy.

Okuw sapagynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitiň goňşy döwletleri we dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlary bilen bilelikde döredilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hökümetara toparlarynyň işinde ulag-logistika temasynyň tutýan orny we bu babatda gazanylan ylalaşyklaryň ýurtlaryň arasyndaky özara söwdany ilerletmäge goşýan goşandy barada giňişleýin gürrüň edildi. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça öňe süren başlangyçlary, ýagny iki döwletiň çäginden geçýän hem-de Merkezi we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerini baglanyşdyrýan Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugurlary boýunça ulag gatnawlaryny döretmegiň geljekki ugurlary, Hytaýyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň arasynda Pars aýlagynyň we Hazar deňziniň portlaryna çykalgasy bolan multimodal ýük daşamalaryny guramagyň mümkinçilikleri görkezildi. Şeýle-de, talyplar hususy pudagyň wekilleriniň üpjün edýän logistika hyzmatlary bilen tanyşdyryldy we ýük gatnawlarynyň guralyşy boýunça özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdylar.