“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy söwdany ýeňilleşdirmek we sanly maglumat alyşmak boýunça BMG ÝYK-nyň ýyllyk 14-nji seminaryna gatnaşdy

23.05.2023

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň hyzmatdaşy “Ukrainadaky ulag, ekspeditorçylyk we logistika edaralarynyň” Assosiasiýasynyň (“Ukrwneshtrans”) çakylygy boýunça Assosiasiýamyzyň hünärmenleri BMG-niň Ýewropa boýunça ykdysady Komissiýasynyň “Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek we Gündogar Ýewropa we SPEKA ýurtlarynda BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly multimodal ýük gatnawlarynda maglumatlary alyşmagyň sanly özgertmeleri” atly 14-nji ýyllyk seminaryna gatnaşdylar.

Bu çäre, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen “BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly üpjünçilik zynjyrlarynda maglumat alyş-çalşynyň sanly üýtgemegi” atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň netijelerine bagyşlanyp geçirildi.

Şeýle-de, 2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Ženewa şäherinde  geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça ýörite maksatnamasyna (SPECA) agza ýurtlaryň ministrleriniň mejlisinde kabul edilen beýannamada bellenilen meseleler seminaryň gün tertibine goşuldy.

Iki günlik okuw maslahatyna SPECA maksatnamasyna agza ýurtlaryň, Gruziýanyň, Moldowanyň, Ukrainanyň we beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň bilermenleri we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşyp, onda, esasan-da, agzalan ýurtlarda innowasion ülňüleri girizmek boýunça ukuplary artdyrmak, şol sanda,  BMG-niň Söwda amallaryny ýeňilleşdirmek we elektron işewürlik Merkeziniň (UN/CEFACT) standartlaryna ýa-da beýleki ölçeglere laýyklykda elektron maglumat ulgamlaryny ýa-da resminamalary alyşmagyň beýleki ugurdaş tehnologiýalaryny bermek ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seminaryň birinji gününde, 22-nji maýda, gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşiginiň Ýük gatnawlary boýunça elektron maglumatlar baradaky düzgünnamasynyň (eFTI) ýerine ýetirilişi we UN/CEFACT standartlarynyň ulanylyşy bilen tanyşdylar. Günüň ikinji ýarymy, TRACECA bilen amala aşyryljak synag taslamalaryna – CIM / SMGS ýol resminamasyny sanlylaşdyrmaga, demir ýol ýük gatnawlary boýunça resminamalaryň sazlaşykly we sanly ulgam arkaly alyş-çalşyna bagyşlandy. Çäräniň jemleýji gününde, geçiş ykdysadyýeti bolan ýurtlarda port jemgyýetleri ulgamyny ornaşdyrmagyň tejribesine syn berildi we seminara gatnaşyjylar Hazar deňziniň portlarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygy baradaky täzelikler bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, döwlet edaralarynyň we hususy taraplaryň maglumat akymlaryny bir ulgama baglanyşdyrmak, howa ýük resminamalary üçin UN/CEFACT standartlarynyň ulanylmagy, SMART WAY we EU4Digital ýaly taslamalaryň tejribesi öwrenildi.