
“The Investor” aty halkara žurnalynyň nobatdaky sany Türkmenistana bagyşlanyp, onda jemlenen maglumatlaryň arasynda Türkmen Logistika Assosiasiýasy barada aýratyn sahypada makala ýerleşdirildi.
Bu neşir Beyond Investments Group kompaniýasy tarapyndan çap edilýär we ol halkara konsalting hem-de neşirýat topary bolup, 2007-nji ýyldan bäri maýadarlar we işewürleriň giň topary bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, onuň materiallarynyň 165 000-den gowrak okyjysy bar, geografiki giňişligi bolsa 48 ýurdy öz içine jemleýär.
Žurnalyň bu sany diňe bir logistika bilen gyzyklanýanlar üçin däl-de, eýsem halkara bazarlaryň we infrakstrukturanyň ösüşini öwrenýänler üçin hem peýdalydyr.
Neşirde:
– maýa goýum mümkinçilikleri we ykdysadyýet barada;
– infrastruktura taslamalary we ulag ugurlary barada;
– halkara mümkinçilikleri we pudaklaýyn “trendler” baradaky maglumatlar çap edilýär.
Neşiriň bu sany şeýle-de:
ulag geçelgeleriniň we üstaşyr mümkinçilikleriň ösüşi,
– Türkmenistanyň logistika mümkinçilikleri,
– halkara hyzmatdaşlygy we pudaklaýyn döwrebap tendensiýalary bilen gyzyklanýanlar üçin peýdaly bolar.
Biziň Assosiasiýamyz baradaky sahypada aşaky maglumatlar ýerleşdirilen:
– Türkmenistanyň sebitdäki ulag merkezi hökmünde orny;
– Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň maksatlary we wezipeleri;
-Ulag-logistika pudagyny ösdürmekde alnyp barylýan işleriň ugurlary;
-Assosiasiýanyň halkara gepleşiklere we pudagyň bähbitlerini öňe sürmekdäki işlere goşýan goşandy.
Žurnal bilen tanyşmak üçin, aşakdaky salgylanma boýunça geçip bilersiňiz:




