Hazar deňzi – Wolga derýasy ugry bilen Ýewropanyň Baltika deňzindäki portlaryna çykmaklygyň mümkinçiliklerini öwrenmeklik.

08.04.2021

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, “Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň” agzalarynyň çykyş etmeginde, goşmaça sapaklaryň geçirilmegi dowam edýär. Her hepde, dürli ulag-logistiki kompaniýalaryň wekilleri talyplara ulag pudagynyň çuňňur mowzuklaryny açýyp görkezýärler. Şeýlelikde, aprel aýynyň 1-ne we 8-ne, “Aziýa ulaglary” hususy kärhanasynyň adyndan Oleg Anohin “Hazar deňzi – Wolga derýasy ugry bilen Ýewropanyň Baltika deňzindäki portlaryna çykmaklygyň mümkinçiliklerini öwrenmeklik” mowzugy bilen çykyş etdi.
Sapaklaryň birinji ýarymynda bu meseläniň ähmiýetliligi barada prezentasiýanyň üsti bilen takyk düşündirişler berildi. Hemmetaraplaýyn bilimi özleşdirmek bilen, geljekki hünärmenler diňe bir diplomatik gullugy bilen çäklenmän, eýsem ulag strukturasynda hem öz ussatlyklaryny görkezip bilerler. Sapaklaryň amaly bölüminde talyplar sorag-jogap alyşmagyň üsti bilen, tejribeli hünärmen bilen pikir alyşdylar, bu bolsa gymmatly tejribäni gazanmaklyga kömek edýär.
Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini, şeýle-de ýurduň ýol infrastrukturasyny ösdürmeklige uly ähmiýet berýär. Häzirki gün, milli ulag we logistiki kompaniýalary öz hödürleýän hyzmatlarynyň hilini halkara standartlaryna laýyk derejä ýetirmäge çalyşýarlar. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy hem ýaş hünärmenleri ýurdumyzyň ulag strukturasyny hem-de bu ugurda halkara guramalaryň iş tejribelerini öwrenmeklige çagyrýar.