Türkmenistan Ýewropanyň ykdysady komissiýasy we Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we sosial komissiýasy tarapyndan maslahat berilen konteýner daşamalary boýunça gümrük konwensiýalaryna goşuldy.

10.06.2021

Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan “Konteýnerler boýunça gümrük konwensiýasyna goşulmak barada” we “Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgünini ulanmak hakynda halkara konwensiýasyna goşulmak barada” kanunlary kabul edildi.
Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda, ulag üstaşyr we logistika hyzmatlary pudagynda uly mümkinçilikleri açýan amatly geografiki şertlerde ýerleşmek bilen, daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de ýurtlaryň arasyndaky integrasiýa gönükdirilen tagallalaryň alnyp barylyşyna gatnaşmaklyga, ykdysady ösüşiň esasy şerti hökmünde garaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan, SPEKA-nyň agza ýurtlaryň biri hökmünde, halkara ýük daşamalarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyna goşulmaga we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek üçin dürli görnüşli sanly ulgamlary we gurallary ulanmaklyga uly ähmiýet berýär.
Halkara konwensiýalaryna we şertnamalaryna goşulmak we olary amaly durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler, BMG-nyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasyna (​SPEKA) Türkmenistanyň baştutanlyk etmeginiň çäginde 2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen SPEKA-nyň durnukly ulag, üstaşyr we birikmeklik boýunça iş toparynyň 24-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş toparynyň mejlisine gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň ulag pudagy boýunça hukuk resminamalarynyň ähmiýetiniň ulydygyny tassykladylar we SPEKA-nyň agza ýurtlaryň ýakyn wagtda şol konwensiýalary tassyklamak boýunça tagallalaryny güýçlendirmekligiň zerurlygyny bellediler. Soňky ýyllarda Türkmenistanda milli kanunçylygyna, hususan-da, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine birnäçe üýtgeşmeleriň kabul edilendigini, we munuň netijesinde, konteýner daşamalarynyň sanynyň hem artdyrylandygyny bellemelidiris. Türkmen hususyýetçilerine degişli bolan konteýnerler Türkmenistan – Hytaý – Türkmenistan, şeýle-de Türkmenistan – Türkiýe – Türkmenistan ugurlary boýunça daşamalarynda işjeň ulanylyp başlandy. Konteýnerler boýunça gümrük Konwensiýasyna we konteýner goruna geçirilen hem-de halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgünini ulanmak hakynda halkara Konwensiýasyna Türkmenistanyň goşulmagy bilen, türkmen konteýnerleriniň halkara konteýner daşamalaryna gatnaşmagyna mümkinçilikler giňeler we Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň hem-de geljekki “gury portlaryň” mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, üstaşyr daşamalaryna daşary ýurt konteýnerleriniň gatnaşygynyň artmagyna täsir eder. Daşary ýurt konteýnerleri, Halkara konteýner ugurlaryny (liniýalaryny) ulanmaklyk arkaly, türkmen önümlerini eksport etmek mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna şert döreder. Bu Konwensiýalar, türkmen we daşary ýurt konteýnerleriniň dolanyşygynyň şertlerini, alyş-çalyşygyň üsti bilen ep-esli ýeňilleşdirmeklige giň ýol açarlar.