Türkmenistanyň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň onlaýn duşuşygynda ulag we logistika pudagynyň mümkinçilikleri bellenip geçildi.

12.06.2021

Türkmenistan bilen Ukrainanyň Söwda-senagat palatalarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň çäginde, 2021-nji ýylyň 11-nji iýunynda işewür toparlaryň duşuşygy geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň  başlygy Döwletgeldi Rejepow, Ukrainanyň wekiliýetine bolsa Ukrainanyň Söwda-senagat palatasynyň prezidenti Gennadiý Çižikow ýolbaşçylyk etdiler. Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Wiktor Maiko we Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataýew onlaýn duşuşyga gatnaşyjylara salamlaşyk sözleri bilen ýüzlendiler. Iki dostlukly halkyň arasynda geçmişden bäri dowam edip gelýän taryhy we medeni gatnaşyklara aýratyn üns çeken diplomatlar, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özara gyzyklanmanyň we täsirli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Hyzmatdaşlyk boýunça teklipleriň çäklerinde, ukrain tarapy elektron söwdanyň ösüşine ünsi çekdiler. Öz gezeginde, türkmen tarapyndan dokma toplumynyň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň we oba hojalyk pudagynyň wekilleri hyzmatdaşlyk boýunça teklipler bilen çykyş etdiler.
“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynda ýerine ýetirilýän işler barada,  Assosiasiýanyň Müdiriýetiniň agzasy Oleg Anohin çykyş etdi, ol çykyşynda türkmen ulag we logistika kompaniýalarynyň gazanan mümkinçilikleri we tejribeleri, şeýle hem Assosiasiýa bilen işleşmekligiň peýdaly artykmaçlyklary barada belläp geçdi. Assosiasiýanyň ygtybarly hyzmatdaşlary barada gürrüň açylanda, “Ukrainadaky ulag, ekspeditorçylyk we logistika guramalary” «Укрвнештранс» Assosiasiýasyna aýratyn üns çekildi.
Tanyşlyk tapgyryndan soňra, işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda B2B görnüşde gepleşikler geçirildi. Duşuşyk Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösmegine oňaýly hyzmat eder diýen umumy pikir bilen, gatnaşyjylar bu duşuşygyň netijelerini jemlediler.