“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary bilen söhbetdeşlik.

01.06.2021
Dmitriý Ýesaulow: Bäş ýylyň dowamynda “Amatly Ýollar” Türkmenistandaky ulag kompaniýalaryň 10 sany öňdebaryjylarynyň hataryna girdi.
Ýesaulow Dmitriý Borisowiç, “Amatly-Ýollar” Hojalyk Jemgyýetiniň Baş müdiri Siz ýurdumyzda we golaý sebitde meşhur bolan kompaniýanyň esaslandyryjylaryň biri we baş müdiri. Logistika tarap ýoluňyz nähili başlandy?

– Men 2010-njy ýyldan bäri logistika pudagynda işleýärin. “Altyn Ösüş Ýoly” HJ we “Ulag Ulgamy” HJ ulag kompaniýalarynda işlän wagtlarym gazanan tejribelerim we başarnyklarym, maňa 2016-njy ýylda hususy “Amatly-Ýollar” HJ ulag kompaniýany döretmeklige kömek etdi.

Başlamak kyn bolupdymy? Bu bazarda bäsdeşlik gaty ýokary ahyryn?

– Elbetde kyn, hemme zat täzeden başlapdy ahyryn. Biziň işimizde esasy ýörelgämiz – önümleriň daşamasyny müşderiler üçin tiz, elýeterli, oňaýly we ygtybarly etmek, we biz şuňa esaslanyp, ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlarynyň doly toplumyny hödürlemegiň üsti bilen özümizde hemişelik müşderi portfelini döretdik,  şeýle-de türkmen we daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen şertnamalar baglaşdyk. Biziň kompaniýamyz ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlary bazarynda işjeň hereket edip, häzirki wagtda FIATA Halkara ekspeditorçylyk assosiasiýalarynyň federasiýasynyň, hem-de “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň döredilen ilkinji günlerinden bäri agzasy bolup durýarys. Kompaniýanyň ofisinde 16 sany işgär, şeýle-de esasy ulag we üstaşyr nokatlary bolan – Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda, Eýran bilen serhetleşýän Sarahsda, Lebap welaýatynyň Farap serhet geçelgesinde wekillerimiz bar. Türkmenistanyň döwlet we hususy gurluşlarynyň, telekeçileriň we ýuridik şahslaryň, şol sanda daşary ýurt kompaniýalaryň arasynda hem biziň müşderilerimiz bar. Türkmenistandan, goňşy we Ýewropa ýurtlaryndan bolan, wagt synagyndan geçen ýük daşaýjy kärhanalary biziň hyzmatdaşlarymyz bolup durýarlar.

Kompaniýaňyza “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy tarapyndan nähili artykmaçlyklar berilýär?

– Assosiasiýa, ähli agzalarynyň adyndan çykyş edip, ýurdumyzyň döwlet we hususy sektorlarynyň arasyndaky utgaşdyryjy köpri bolup hyzmat edýär, iki tarapyň başlangyçlaryny öňe sürüp, ulag pudagyny ösdürmek üçin pikirleri we teklipleri taýýarlaýar. Şeýle hem, Assosiasiýanyň kömegi bilen, daşary ýurt guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge, tejribe alyşmaga, täze mümkinçilikleri öwrenmäge we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçiligimiz bar. 100-den gowrak guramalar, kompaniýalar bilen bir wagtda işleşmek, olaryň arasynda arabaglanyşyk üçin şertleri döretmek – bu aňsat iş däl, şonuň üçin biz Assosiasiýanyň ýerine ýetirýän  işleri üçin minnetdardyrys. Olar hemmämiziň öňe tarap hereket etmegimize kömek edýärler!

Kompaniýaňyz müşderilere nähili hyzmatlary hödürleýär?

– “Amatly-ýollar” Hojalyk jemgyýeti ulaglaryň islendik görnüşi arkaly içerki we halkara ýük daşamalaryny amala aşyrmak bilen, onuň hödürleýän hyzmatlary ýükleri saklamak we ammarlamak, gämilere ýüki ýüklemek we düşürmek, Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda we Türkmenistanyň gury ýer serhetlerinde ýükleriň we konteýnerleriň doly terminal işlerini ýerine ýetirmek ýaly hyzmatlary öz içine alýan ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlarynyň doly toplumyny üpjün edýär, şeýle-de, daşary ýurtly sürüjiler üçin Türkmenistana wiza almak üçin çakylyk ibermek, gabarasyz we uly agramly ýükleri Türkmenistanyň çäginde daşamak üçin ýörite rugsatlary resmileşdirmek işleri bilen meşgullanýarys. Pandemiýa sebäpli serhetleriň ýapylmagy bilen, biz hyzmatdaşlarymyza täze hyzmatlary hödürledik – ýagny, olaryň ýarym tirkeglerini täzeden tirkeme we barmaly ýerine eltip bermek hem-de yzyna alyp gaýtmak hyzmatlaryny ýola goýduk.

Kompaniýaňyz haýsy ugurlar boýunça ýük daşamalaryny amala aşyrýar?

– Biz sarp ediş harytlaryndan başlap, senagat we oba-hojalyk harytlaryna çenli dürli görnüşli we çylşyrymly bolan ýük daşamalary GDA ýurtlaryna, Ýewropa, Aziýa ýurtlaryna, şeýle-de Türkmenistanyň içerki çäginde hem amala aşyrýarys. Hususan-da, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe, Ukraina we Ýewropa ýurtlaryna ýükleri eltip bermek üçin Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys. Astrahanyň Olýa portunyň üsti bilen Russiýanyň ähli sebitlerine, GDA we Ýewropa ýurtlaryna alnyp gidilýär. Şeýle hem, “Demirgazyk-Günorta”, “Gündogar-Günbatar” we “Lýapis Lazuli” ugurlary boýunça demir ýol we awtoulag ýollaryny we üstaşyr geçelgelerinden peýdalanýarys. Şeýlelik bilen, biz harytlary Ýewropanyň we Aziýanyň islendik ýerine ýetirýäris. Şeýle-de kompaniýamyz howply we uly gabaraly ýükleri daşamak hyzmatlaryny hödürlemek üçin ygtyýarnama we mümkinçiliklere eýedir. Mysal üçin, «Çalık Enerji» (Türkiýe) kompaniýasy tarapyndan bize köpsanly ýük daşamalar sargyt edilipdi. Biz agramy 180-den 250 tonna çenli bolan üç sany elektrik generatoryny Türkmenistanyň çägi boýunça, Özbegistanyň serhedinden Lebap welaýatynyň Kerkiçi obasyna çenli ýük daşamasyny gurnadyk.

Halkara ýük daşamalarynyň guramaçylygynda haýsydyr bir kynçylyklar bilen çaknyşýarsyňyzmy?

– Ýok diýsek hem bolar. Kompaniýanyň halkara ulag hyzmatlary pudagynda ýokary derejeli taýýarlykly hünärmenleri bar. Ähli resminamalarymyzy halkara ISO halkara standartlaryna laýyklykda alyp barýarys.

Ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlary bazarynda nähili geljegi görýärsiňiz we “Amatly-ýollar” HJ üçin ösüş mümkinçilikleri barmy?

– Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimizi ösdürmek syýasatynyň saýasynda, ykdysadyýetiň logistika we ulag pudaklary öňdebaryjy orunlara geçip başlady. Daşary söwdanyň göwrümleriniň artmagy, ykdysadyýetiň hakyky sektorynyň hereketlenmegi, gurluşyk pudagynyň we senagat önümçiliginiň oňyn dinamikasy diňe Türkmenistanda däl, eýsem halkara derejesinde hem ýük daşamalarynyň ösüşine täsir eden esasy şertler bolup hyzmat etdi. Ykdysady Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi türkmen kompaniýalary üçin güýçli itergi bolup hyzmat etdi. “Bir guşak – bir ýol” atly uly taslamanyň çäklerinde täze demir ýollary we awtoulag ýollary, deňiz portlary, logistika merkezleri gurulýar, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Kerki-Ymamnazar-Akina, Akina-Andhoý demir ýol ugurlary guruldy, Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (ТРАСЕКА) maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlyklar artdyrylýar, täze “Lýapis Lazuli” ulag we üstaşyr geçelgesi durmuşa geçirildi, awtomobil ulaghanalarynyň, demir ýollaryna we söwda deňiz flotuna degişli hereket edýän düzümleriň sany artdyryldy.
Bu zatlaryň hemmesi bize täze bazarlara çykmaklyga hem-de, şol bir wagtda, kompaniýamyzyň mundan beýläk hem ösmegine mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem, biziň geljekde temperatura gözegçilikli ýükleri daşamaklyk üçin, sowadyjy konteýnerlerini ulanmaklygy ýola girizmek maksadymyz bar. Bu ugurda üstünlik gazanarys diýip umyt edýäris.