Türkmenistanda Garabogazköl aýlagy bilen Hazar deňzini birikdirýän bogazyň üstünden täze awtoulag köprüsi gurular.

08.07.2021

Türkmenistanyň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Garabogazköl aýlagynyň bogazyndan täze köpri gurmak boýunça we Türkmenbaşy şäherinden oňa tarap alyp barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara tenderi yglan etmegi buýurdy. Täze köpri Türkmenistan bilen Gazagystany birleşdirýän Žetybaý-Žanaozen-Kenderli-Garabogaz-Türkmenbaşy halkara ulag geçelgesiniň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüler. Garabogazköl aýlagynyň bogazyndan geçýän täze köprüniň ini 21 metre, uzynlygy bolsa 354 metre çenli uzar.
Oňa tarap barýan Türkmenbaşy-Garabogaz ýoly, Ýewropa ugurlary bolan M37 we E121 ýollarynyň we AH5 Aziýa awtoulag ýollar torunyň bir bölegi bolup durýar. Ählisi bilelikde, olar Hytaýy, Günorta Aziýany, Merkezi Aziýany, Russiýany, Kawkazy we Ýewropany birleşdirýän ulag ulgamyny emele getirýärler. Täze köpriniň gurulmagy, Türkmenbaşy-Garabogaz ýolunyň durkunyň täzelenmegi we Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtoulag ýoly bilen birleşdirilmegi, Türkmenistanyň ýol ulgamynyň geçijilik mümkinçiliklerini, logistika hyzmatlarynyň hilini we netijeliligini ep-esli ýokarlandyrar.
Häzirki günlere çenli hereket edip gelýän ýol we köpri Sowet Soýuzy döwründe gurlupdy, ýöne olaryň tehniki aýratynlyklary Hazar sebitinde söwda we üstaşyr geçijiligiň güýçlenmegi sebäpli ulag akymlarynyň ýokary dinamikasyna laýyk gelip bilmeýär.