Özbegistanda ýurduň ammarlary we logistika merkezleri boýunça täze sanly platforma işe girizildi.

20.10.2021

Özbegistanyň ulag ministrliginiň goldawy bilen, Özbegistanyň Logistika Assosiasiýasy “Özbegistanyň Ammarlary we Logistika Merkezleri” atly  täze sanly platformany döretdi.
Ulag ministrliginiň habaryna görä, www.skladi.uz sanly platformasynyň esasy wezipesi milli we daşary söwda hem-de maýa goýum kompaniýalarynyň Özbegistandaky ammarlarynyň we logistika merkezleriniň hyzmatlaryna barha artýan isleglerini kanagatlandyrmak bolup durýar.
“Özbegistanyň ammarlary we logistika merkezleri” sanly platformasy respublikada bar bolan ammarlaryň we logistika merkezleriniň ýerleşýän ýerleri baradaky maglumatlary öz içinde jemleýär.
Telekeçiler ammarlarda ýa-da logistika merkezinde harytlaryň nomenklaturasy boýunça (oba-hojalyk önümler, azyk we azyk däl önümler, gündelik durmuş enjamlary, derman önümleri), şeýle hem ýapyk we açyk ammarlaryň, şol sanda oba-hojalyk önümleri we çalt zaýalanýan harytlar üçin sowadyjy ammarlaryň çägindäki boş ýerler barada muzdsuz esasda maglumat alyp bilerler.
Bu platforma ammarlaryň we logistika merkezleriniň eýeleriniň (boş ýerleriň doldurylmagy) hem-de harytlaryny ýerleşdirmek we saklamak üçin boş ýer gözleýän telekeçileriň (gözleg üçin sarp edilýän wagty azaldylmagy hem-de goşmaça çykdajylaryň bolmazlygy) bähbitleri üçin deň derejede hyzmat eder.
Munuň bilen birlikde, ammarlary, ammar enjamlaryny we ýükleýiş tehnikalaryny satmak, kärendesine almak we satyn almak, şeýle hem ýüki ammarda saklamak üçin arzalary kabul etmegi üpjün edýän “ýörite teklipler” hyzmaty platformada ýola goýulan.
Bu maglumat platformasyn “Ýeke-täk penjire” ýörelgelerine laýyk gelip, bu ýerde ulag we söwda logistikasyna gatnaşyjylary elektron ýagdaýda, harytlary saklamak bilen baglanyşykly gerekli maglumatlar bilen tanşyp hem-de hyzmatlardan peýdalanyp bilerler.
Bu maglumat çeşmesi önümçilik we söwda kompaniýalary, telekeçiler (ýük eýeleri) we ulag kompaniýalary (daşaýjylar), şeýle hem ýük ekspedisiýasy, ätiýaçlandyryş we gümrük taýdan resmileşdirmek bilen baglanyşykly birnäçe hyzmatlary hödürleýän kompaniýalar we guramalar üçin peýdaly platforma bolar.
Özbegistanyň ulag ministrliginiň hünärmenleri bilen bilelikde döredilen sanly platforma netijeli ulag we ammar hyzmatlaryny guramaga, bäsdeşlik gurşawyny döretmäge we ulag we logistika kompaniýalarynyň işleri üçin amatly şertleri döretmäge, ýük daşamalar ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge ýardam berer.
Şunuň bilen bir hatarda, platforma Özbegistanda hereket edýän ammarlar we logistika merkezleri, olaryň göwrümi we ýöriteleşdirilen maksatlaryny, enjamlar bilen üpjün edilişi we hyzmat beriş derejeleri, halkara ülňülerine we umumy kabul edilen klassifikasiýalara laýyk gelmesi baradaky maglumatlary özünde jemlär. Şeýle hem, Özbegistanda ammar logistikasynyň häzirki ýagdaýlaryny hem-de ösüş mümkinçiliklerini seljermek üçin maglumat binýady bolup hyzmat eder, bu bolsa öz gezeginde ösüş çaklamalaryny we täze işewürligiň çekilmegi üçin esas bolar. Häzirki wagtda, www.skladi.uz – Merkezi Aziýada ilkinji döredilen maglumat we logistika portalydyr. Geljekde bu taslamany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň derejesine çenli giňeltmek, ýagny edil şeýle portaly has uly, sebitleýin derejesinde işe girizmeklik meýilleşdirilýär.

Çeşme: ИА Dunyo