Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda işewürlik forumy geçirildi.

28.02.2022

2022-nji ýylyň 28-nji fewralynda wideo aragatnaşygy arkaly Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we BAE-nyň Söwda-senagat palatalarynyň Federasiýasy tarapyndan bilelikde guralyp geçirildi.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky dostlukly we birek-birege sylagly gatnaşyklar, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň syýasy tagallalarynyň saýasynda has-da ýokary derejä çykarylýar. Birleşen Arap Emirlikleri, köpden bäri Türkmenistanyň esasy söwda we ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegi, özara eksport-import mümkinçiliklerini giňeltmäge, söwdanyň göwrümini ýokarlandyrmaga we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge kömek edýär.
Üç sessiýadan ybarat bolan duşuşygyň dowamynda, gatnaşyjylar iki ýurduň dürli ugurlardaky eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmegiň şertlerini, syýahatçylyk we beýleki hyzmatlar, şeýle hem ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, Döwlet haryt we çig mal biržasynyň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenbaşy Halkara Deňiz portunyň we “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleri barada giňişlerýin çykyş etdiler.
Birleşen Arap Emirlikleri, eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek, ulag-logistika hyzmatlary, syýahatçylyk we beýleki hyzmatlary hödürlemek bilen meşgullanýan öňdebaryjy kompaniýalaryň işewür topary tarapyndan wekilçilik edildi.
Forumyň netijeleri jemlenende, taraplar duşuşygyň dowamyndaky iki ýurduň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga gönükdirilen täsirli pikir alyşmalaryň ähmiýetini belläp geçdiler.