“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary bilen söhbetdeşlik.

11.03.2022

Maksat Gulgeldiýew: “Halkara türkmen logistika” entek diňe ösüş ýolunyň başynda, biziň uzak möhletleýin meýilnamalarymyz bar”.
Maksat Gulgeldiýew, “Halkara türkmen logistik” hojalyk jemgyýetiniň logistika bölüminiň başlygy.
Ýurdumyzda halkara ýük daşamalary boýunça köpsanly ulag we logistika kärhanalary öz işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Häzirki döwürde bu pudak ýokary bäsdeşlige ukyplylygy talap edýär. Size bu pudakda täze bir kärhana döretmeklige näme itergi berdi?
– Ilki bilen, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň saýasynda Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini we gün-günden berkidilýändigini belläsim gelýär. Ikinjiden, ýurdumyzyň senagatynyň ähli pudaklarynyň, agrosenagat toplumynyň we beýleki ugurlaryň häzirki wagtdaky ösüş derejesi, şeýle-de ýurdumyzyň eksporta gönükdirilen önümleri öndürmek maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi dünýä bazarlarynda içerki önümlerimize bolan islegi artdyrdy. Üçünjiden bolsa, ulag pudagyny döwrebaplaşdyrmak we toplumlaýyn ösdürilmegi boýunça alnyp barylýan işleriň saýasynda, biz üçin ähli geografiki ugurlar boýunça ýük daşamalary alyp barmaklyga giň mümkinçilikler açylýar. Şu aýdylanlaryň ählisini göz öňünde tutup, “Halkara türkmen logistik” hojalyk jemgyýetini döretmek kararyny kabul etdik. Ýanwar aýynyň başynda degişli ygtyýarnamalary aldyk we işimize başladyk.
Kärhanaňyz geljekde nähili mümkinçiliklere eýe bolar diýip pikir edýärsiňiz?
– Ýokary sepgitlere garaşýarys. Biziň jemgyýetimize degişli dürli ýükleri daşamaklyk üçin niýetlenen hususy demir ýol wagon we awtoulag parkymyz bar. Şu ýerde biziň esasy aýratynlygymyzy belläsim gelýär, bu bolsa ýaş we hyjuwly hünärmenlerimizdir. Mundan başga-da, hödürleýän hyzmatlarymyzyň ýokary hilli bolmagyna uly üns çekýäris. Müşderilerimiziň arasynda önümleri eksport we import edijiler, şeýle hem üstaşyr geçiriji kompaniýalar bar. “Halkara türkmen logistik” hojalyk jemgyýetiniň logistleri her bir aýratyn müşderi üçin, hatda ýüküň bir ulagdan başgasyna geçirilmesi ýaly şertleri öz içine almak bilen, ýük daşamalarynyň iň oňaýly görnüşlerini hödürleýärler. Şeýle hem, biz gatnawlaryň her bir tarapa bolan hereketinde ulag serişdelerimizi ýük bilen üpjün etmeklige çalyşýarys.
Ilkinji ýük daşamasyny nirä amala aşyrdyňyz?
– Ilkinji ýük daşamamyz – Türkmenbaşy şäherinden Owganystan Yslam Respublikasyna  demir ýol arkaly awto ýangyjynyň eksport ýüki amala aşyryldy.
Haýsy ugurlar boýunça işleri ýola goýup bildiňiz? – Biz Gazagystana, Özbegistana, Täjigistana, Eýrana, Russiýa, Türkiýä we Hytaýa üznüksiz esasda ýük daşamalaryny amala aşyrýarys. Şol bir wagtyň özünde hem, müşderilerimiziň sany köpelmegini dowam edýär.
Siz iki aýa golaý wagt mundan ozal ýük daşamalary bazaryna girdiňiz. Müşderileriň ynamyny nädip gysga wagtda gazanmagy başardyňyz?
– Bu biziň işimizi mahabatlandyrmak arkaly alyp barmagymyzyň netijesidir. Biz mahabat kitapçalaryny, tanyşdyryş kagyzlaryny taýýarladyk we paýladyk, şeýle-de web sahypamyzy döretdik.
Siz “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalar düzümine girýärsiňizmi?
– Hawa, elbetde. Bizde Assosiasiýanyň agzalygyna goşulmak ýa-da goşulmazlyk barada sorag hem ýüze çykmandy. Jemgyýetimiziň döredilen pursatyndan “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalygyna goşulmak kararyny kabul etdik. 2022-nji ýylyň 19-njy fewralynda bize Assosiasiýanyň agzalygyna girenligimiz baradaky şahadatnama gowşuryldy. Biz ösüş ýolumyzy “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň howandarlygynda dowam etmekligi zerur hasaplaýarys, çünki Assosiasiýa halkara derejesinde ýurdumyzyň ulag we logistika kärhanalarynyň bähbitlerine wekilçilik edýär.
“Halkara türkmen logistik” hojalyk jemgyýetiniň geljek üçin nähili meýilnamalary bar?
– Biziň uzak möhletleýin meýilnamalarymyz bar. Esasy maksadymyz bolsa – ýük daşamalary pudagynda bäsdeşlige ukyplylygymyzy ýokarlandyrmakdyr.
Söhbetdeşlik üçin sag boluň. Goý, üstünlik size elmydama ýar bolsun!
Size hem köp sag boluň!