2022-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň gurnamagynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Ýurdumyzda üstaşyr ulag geçirijiligi we logistikany ösdürmek, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak» atly pudagara maslahat geçirildi we onda, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini we sebitdäki ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri giňeltmegiň ugurlaryny kesgitlemek boýunça wajyp meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Ýükleri halkara daşamagyň şertnamasy hakynda konwensiýa (CMR) Elektron ýanhatyna (e-CMR) degişli goşmaça teswirnama Türkmenistanyň goşulyşmagynyň ähmiýeti barada belläp geçdiler. Şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň, Halkara howa menzilleriniň ýük ammarlarynyň we demir ýol ýük howlularynyň çäklerinde gümrük ammarlaryny döretmek hem-de geljekde olary Gury portlar hakynda hökümetara Ylalaşyklaryna goşmak üçin alnyp barylýan işler barada aýratyn bellediler. Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň işgärleri öz çykyşlarynda gümrük işiniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmegiň strategiki ugurlary, gümrük gullugynda ulanylýan sanly tehnologiýalar, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ornaşdyrylan «Sanly gümrük amaly» ulgamy barada görkezme esbaplarynyň, surat we wideo şekilleriniň üsti bilen gürrüň berdiler. «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň wekilleri hem öz gezeginde dünýäde halkara söwdanyň logistikasynyň çylşyrymlaşan häzirki döwründe Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň ähmiýeti we ol geçelgeleriň özüne çekijiligini artdyrmagyň ýollary barada çykyş edip, bu babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň oňyn netijeleri berýändigini, şeýle hem ýurdumyzyň geografiki artykmaçlyklaryndan giňden peýdalanmaga mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn nygtadylar. Maslahat işewürlikli we netijeli ýagdaýda tamamlandy.