Ýokary okuw jaýlarynyň talyplary bilen göçme okuw sapagy geçirildi.

15.04.2022

2022-nji ýylyň 14-nji aprelinde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde 2022-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriniň meýilnamasynyň çäginde, bu ýokary okuw jaýynyň talyplary we ulag-logistika kärhanalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirmek maksady bilen göçme okuw sapagy gurnaldy.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ilkinji partiýa guramasy (TDP) hem-de Ulaglar we Demir ýol ulaglary fakultetleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan guralan bu göçme okuw sapagy  “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň ýakyndan ýardam bermeginde amala aşyryldy.
Talyp ýaşlaryň ylym-bilim hem-de amaly taýdan tejribesini artdyrmak, olary ýurdumyzyň ulag-logistika kärhanalarynyň alyp barýan işleri bilen has içgin tanyşdyrmak, bu pudagyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde tutýan orny barada giňişleýin habar bermek maksady bilen ilkinji gezek göçme şeklinde geçirilýän bu okuw sapagyny “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň agzasy bolan “Beýik Ýüpek Ýoly” hususy kärhanasynyň edara binasynda geçirmek maksadalaýyk hasaplandy. Ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan “Beýik Ýüpek Ýoly” hususy kärhanasy 2010-njy ýylyň sentýabr aýynda esaslandyryldy. Üstünlikli alnyp barylan işleriň netijesinde “Beýik ýüpek ýoly” hususy kärhanasy logistika bazarynda möhüm orny eýelemek bilen, diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem ýurdumyzyň daşynda hem giň gerimli we ygtybarly logistika hyzmatlaryny hödürlemekde özüni tanatdy. Şeýle üstünligiň girewi bolsa, ýokary derejeli hünärmenlere, kärhanada ornaşdyrylan innowasion maglumat-logistiki tehnologiýalara, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelmegine, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde we bütin sebitde işleşmek arkaly toplanan baý tejribä daýanýar. Şu günki günde, kärhana 140-dan gowrak ýokary derejeli hünärmenleri özünde jemleýär. 2017-nji ýyldan bäri kärhana halkara çaparçylyk hyzmatlaryny hödürleýän DHL Express kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi agenti hökmünde çykyş edip, dünýäniň 130-dan gowrak ýurtlaryna «gapydan gapa» ýörelgesine görä halkara poçta ugratmalarynyň eksportyny we importyny amala aşyrýar. 2020-nji ýylda bolsa «Toyota Central Asia» bilen resmi dillerlik ylalaşygyna gol çekmek bilen, iň iri we tanymal ýapon awtoulag öndürijisiniň Türkmenistandaky resmi dilleri bolup durýar.
Talyplar bu kärhananyň ýerine ýetirýän işleri bilen ýakyndan tanyşmak üçin Multimodal ýük daşamalary, Demir ýol ýük daşamalary, Deňiz-derýa ulaglary ýük daşamalary, şeýle hem Senagat taslamalary boýunça bölümleriň hünärmenleri bilen söhbetdeşlik geçirdiler. DHL Express kompaniýasynyň wekilleriniň ýerine ýetirýän işleri talyplarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Täsirli geçen göçme okuw sapagynyň ahyrynda, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary kärhananyň hünärmenleri bilen ulag we logistika pudagynda özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sorag-jogap alyşdylar. Şeýle netijeli we täsirli okuw sapaklarynyň ýygy-ýygydan geçirilmegi talyplaryň nazarýetde alýan bilimleriniň has-da berkemegine getirjekdigini bellemek bilen, kärhananyň ýolbaşçy we hünärmenler düzümine, şeýle hem bu çäräni geçirmekde ýakyndan goldaw beren “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň wekillerine köp sag bolsunlar aýtdylar.