Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň giňelmegi

16.05.2022

2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda onlaýn görnüşde maslahat geçirildi. Iki taraplaýyn duşuşyga ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, “Türkmen Logistika” milli Assosiasiýasynyň, eksporta gönükdirilen harytlary öndüriji hususy kärhanalaryň, şeýle hem Gyrgyzystan Respublikasynyň hususy işewürliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepowyň we Gyrgyzystan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Bahtiýar Muhamedziýewiň çykyşlarynda, döwletleriň arasyndaky ösüp barýan strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde, bu duşuşygyň möhümligi barada belläp geçdiler. Dokma senagatynyň kuwwaty, agrosenagat we konditer önümlerini hem-de guradylan miweleri eksport etmekde hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikler, şeýle hem Türkmenistanyň ulag we üstaşyr mümkinçilikleri boýunça çykyşlar edildi.
Gyrgyz tarapynyň wekilleriniň çykyşlary we teklipleri, hususan-da, “Ak-Saý Trawel” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň (JÇJ) Gyrgyzystanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri baradaky, Naryn oblastynyň “Naryn” erkin ykdysady zolagynyň mümkinçilikleri baradaky hem-de “Aronia Farm” JÇJ derman kärhanasynyň görkezen çykyşlary türkmen tarapynyň aýratyn gyzyklanmasyna eýe boldy.
Wideoşekilli maslahatyň netijesinde, taraplar ýyly minnetdarlyklar bilen, iki dostlukly döwletleriň arasyndaky giň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýokary gyzyklanma bildirdiler.