Türkmen Logistika” Assosiasiýasy we Azerbeýjanyň ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň Assosiasiýasynyň arasynda wideo aragatnaşygy arkaly duşuşyk

11.01.2023

2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda, wideo aragatnaşygy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalarynyň, şeýle hem Azerbeýjanyň ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň Assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. 
Duşuşygyň dowamynda, taraplar Azerbeýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýük gatnawlarynyň gerimini giňeltmek baradaky birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, Türkmenistanyň hem-de Azerbeýjanyň ulag-üstaşyr potensialy barada pikir alyşmak bilen, iki taraplaýyn bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde iki tarapyň hem mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň bähbitli boljakdygyna uly ynam bildirdiler.
Onlaýn duşuşygyň ahyrynda, taraplar şeýle duşuşyklar esasynda ulag-logistika pudagyndaky ikitaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklarynyň has hem berkeýändigini nygtap, birek-birege uly üstünlikler arzuw etdiler.