Ýewraziýa üsti ýük gatnawlarynyň Halkara utgaşdyryjy geňeşiniň Baş Sekretary G. Bessonowyň çakylygy bilen, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň we onuň agzalarynyň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly Geňeşiň Konteýner ýük gatnawlary boýunça işçi toparynyň ýygnagyna gatnaşdylar.
Bu duşuşyk dünýä logistika ulgamynda konteýner ýük daşamalarynyň ösmegine päsgel berýän ýagdaýlary aradan aýyrmaga bagyşlanyp, oňa Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Belarus Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Wengriýanyň degişli ulag-logistika edaralarynyň we kompaniýalarynyň 80-den gowrak wekilleri gatnaşdylar.
“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekili öz çykyşynda Türkmenistanyň halkara ulag koridorlarynda möhüm orny eýeleýändigini belläp, “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ýük gatnawlarynyň möçberiniň barha artýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem, ýygnaga gatnaşyjylar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulag-üstaşyr geçirijilik kuwwaty we multimodal konteýner ýük daşamalaryny ösdürmek babatda ýurdumyzda döredilen ähli amatly şertler bilen tanyşdylar.
Şeýle hem, ýygnakda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary bolan “Arassa Ekspress” hojalyk jemgyýetiniň we “Amatly ýollar” hojalyk jemgyýetiniň wekilleri çykyş edip, bu kompaniýalaryň köpugurly logistika çözgütlerini hödürlediler. Köp ýyllyk tejribesi bolan bu ulag-logistika kompaniýalary ýokary hilli hyzmaty bilen ýerli we daşary ýurtly müşderileriniň ynamyny gazandylar.
Ýewraziýa üsti ýük gatnawlarynyň Halkara utgaşdyryjy geňeşi “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň möhüm halkara hyzmatdaşy bolup durýar. Guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk şu ýylyň 19-20-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürlik forumynyň çägindäki ikitaraplaýyn ýygnagyň netijeleri boýunça şu ýylyň fewralynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda ýola goýuldy.