Ukrainanyň Halkara Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçilikleri boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmasy.

24.02.2021

2021-nji ýylyň 23-nji fewralynda Kiýewdäki Türkmen ilçihanasynyň goldawy bilen Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň we Ukrainanyň Ykdysady Ösüş, Söwda we Oba hojalygy ministrliginiň wekilleriniň arasynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri boýunça wideo konferensiýa guraldy.
Ukrain delegasiýasynyň başlygy ukrain harytlarynyň Türkmenistana we sebitiň beýleki ýurtlaryna eksport edilmeginiň, şeýle hem türkmen harytlarynyň Ukraina import edilmeginiň Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň çäginde logistika merkezini döretmegiň esasy maksady bolup durýandygyny aýtdy.
Gepleşikleriň çäginde “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri tarapyndan wideo görkeziş berildi, onda türkmen tarapy Ukraina bilen özara peýdaly hyzmatdaşlyga taýýardygyny yglan etdi we Balkan gämi abatlaýyş kärhanasyny ösdürmegiň mümkinçilikleri we meýilnamalary barada gürrüň berdi.
Mundan başga-da, ukrain tarapyna Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň köp ugurly transport ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýändigi we porty sanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
“Türkmen Logistika” Assosiasiÿasy ulag infrastrukturasyndaky tejribesini artdyrmak, şeýle hem halkara guramalary bilen üznüksiz işlemek bilen bu çäre gatnaşdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar soraglary we jogaplary alyşdylar. «ЧерноморНИИпроект» Deňiz ulaglary döwlet taslama-gözleg we ylmy-gözleg instituty döwlet kärhanasynyň müdiri Sergeý Nikulin Türkmenistanda degişli taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.