Amaly başarnyklaryň berkidilmegi.

11.03.2021

“Amaly ýumuşlaryň üsti bilen, işgärler düzümine ýolbaşçylyk etmek” atly mowzuk bilen CILT Central Asia-nyň ekspertiOksana Tsoýyň çykyş etmeginde dowamly seminarlaryň nobatdaky sany geçirildi.
HR-brend – bu kompaniýanyň iş beriji hökmünde iş gözleýjileri gyzyklandyryp, olaryň iş talaplaryny azaltmaga razylaşmagyna ýa-da birnäçe hödürnamalaryň içinden öz kompaniýasynyň saýlanmagyna iterip biljek özüne çekiji, oňaýly keşbi bolup durýar. HR-brend – bu kompaniýanyň işgärler düzümi bilen işleýişini häsiýetlendirýän indiwidual görkezijidir. Kompaniýanyň iş berijiliginiň derejesi barada, häzirki döwürde işleýän we geçmişde zähmet çeken işgärleriniň oňaýly garaýyşlaryndan düzülen keşpdir. Işçiler bilen üpjün edilmekde HR-brendine barha uly ünsüň çekilmegi, häzirki döwürde her bir iş berijiniň öz düzümini iň gowy, öz pudagynda professional bolup durýan işçiler bilen doldurmaklyga islegleriniň artmagy bilen şertlenýär. Zähmet çekmek üçin özüne çekiji ýere öwrülmek üçin bolsa, kompaniýa baradaky garaýyşlara laýyk gelmeli hem-de umytlary ödemeli.
Bu gezek geçirilen seminaryň öňkülerden tapawutlylygy, onda amaly tapgyryň geçirilmegidir. Oksana Tsoý, özüniň çykyşyndan soň, her bir diňleýjiniň HR-brendi alyp barmak baradaky pikirlerini ýazmagyny we ýerine ýetiren ýumuşyny özüne ugratmagy maslahat berip, bu boýunça geljekde olaryň her biri bilen aýratyn işleşmeklige taýýardygyny aýtdy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi we olara degişli hünärmenleriň gatnaşmaklygy ösüşe we professionalizm derejesiniň ýokarlanmagyna oňaýly täsir edýär. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy hem öz agzalaryny şeýle çärelere gatnaşmaklyga çagyryp, olara dürli ugurlardan öňde baryjy hünärmenleriň tejribelerini özleşdirmäge hem-de öz kompaniýalaryna bolan gyzyklanmany ýokarlandyrmaga kömek edýär.