CILT Central Asia-nyň maksatnamasy boýunça geçirilýän onlaýn-okuw

18.03.2021

Merkezi Aziýada “Tälimçiler üçin okuw” maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Türkmen Logistika Assosiasiýasynyň hyzmatdaşy CILT guramasy  üç günlik okuw sagatlaryny gurnaýar. Okuw maksatnamasy 2021-nji ýylyň mart aýynyň 17-ne, 18-ne we 25-ne geçirilmegi meýilleşdirilen seminarlary öz içine alýar. Okuwy geçirmegiň maksady, geljekde meýilleşdirilýän okuw maksatnamalaryna mugallym hökmünde gatnaşmaga çagyrylyp bilinjek tälimçileri taýýarlamak bolup durýar.
Biziň ulag-logistika pudagy boýunça hünärmenlerimiziň professional taýdan kämilleşmekliginde hem-de täze başarnyklary, şol sanda, tälimçilik başarnyklaryny ele almaklygynda CILT guramasynyň gyzyklanmasy bar. “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalygyna degişli bolup durýan ulag-ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň hünärmenleri bu okuwyň ilkinji onlaýn-seminaryna gatnaşdylar. Bu geçirilen çärede çykyş eden Jon Harris – CILT International-yň halkara bilim we biznes ösüş strategiýasynyň dolandyryjysy, ýokary derejeli biznes-tälimçi hem-de Demirýol jemgyýetçilik hyzmatdaşlygynyň (Community Rail Partnership) müdirleriniň biri bolup durýar.
Jon Harris bu okuw barada umumy maglumatlar bilen paýlaşyp, professional başarnyklary kämilleşdirilmegiň wajyplygy barada, okuw sapaklarynyň geçirilişi barada, durmuşdan alynan mysallaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi.
“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy geljekde hem şeýle çäreleriň geçirilmegini, olara gatnaşyjylaryň sanynyň has köpelip, ulag-ekspeditorçylyk ulgamyndaky türkmen hünärmenleriniň professional derejeleriniň kämilleşmegini gazanmak ugrunda alyp barýan işini dowam eder.