Türkmenistan ýaşlaryň dogry we hemmetaraplaýyn kämilleşmegini goldaýar. Logistikada hem şeýle – pudagyň geljegi indiki nesilleriň elinde, biz diňe bu günki ýolbaşçylary goldamak bilen çäklenmän, eýsem, ertirkileri hem taýýarlamalydyrys. Şeýle şygar astynda, 2021-nji ýylyň 30-njy martynda “Next Generation” Central Asia-nyň ýolbaşçylygynda, ýaş hünärmenler jemgyýetiniň maksatnamasy işe girizildi. Onlaýn-çärede “Next Generation” (mundan beýläk NG) wekilleri, CILT & WiLAT guramalaryň agzalary, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň logistika we transport pudagynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleri gatnaşdylar.
NG CILT jemgyýeti, bu CILT-nyň 35 ýaşa ýetmedik agzalary üçin ýöriteleşdirilen merkez hökmünde çykyş edýär. NG jemgyýeti, tejribeli hünärmenler bilen bileleşip, olaryň toplan tejribelerini özleşdirip, global CILT torunyň üsti bilen dürli maslahatlar we bilim çeşmeleri bilen üpjün edip, ýaş hünärmenleri kämillik ýoluna tarap itermekligi maksat edinýär. Ýylyň dowamynda NG milli, sebitleýin derejede jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleri, şol sanda dürli seminarlary, konferensiýalary we forumlary geçirýär.
Şeýle-de, NG Merkezi Aziýaly agzalary üçin, zähemt ýollarynyň başlangyjynda täze tanyşlyklary açmak, olara goldaw bermek üçin giň mümkinçilikleri döretmäge çalyşýar. Sebitde “Next Generation” global strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin işlenip düzülen “NG Merkezi Aziýa” konspesiýasyna laýyklykda, hemaýatkär guramalaryň we ygtybarly hyzmatdaşlaryň goldawy bilen, uniwersitetler, edaralar we ýerli forumlar bilen hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar. NG-nyň ýaş hünärmenler jemgyýetiniň artykmaçlyklary hökmünde aşakdakylary mysal getirip bolar:
- kär basgançagynda öňegidişlik üçin mümkinçilikler;
- pudakda öňdebaryjy hünärmenlerden bilim almak mümkinçiligi;
- deň-duşlar bilen aragatnaşygyň saklanmagy we tejribe alyşylmagy;
- hünär derejesiniň üznüksiz kämilleşip durmagy;
- bilim şahadatnamalary we iş üpjünçiligi;
- goldaw üçin täze başlangyçlar we ş.m.
Geçirilen çärede daşary ýurtly wekiller özleri barada, zähmet çekýän pudaklary, gazanan sepgitleri barada, şeýle hem ulag we logistika pudagynyň ýaş hünärmenleri üçin şeýle global ulgamyň çäginde geçirilýän çärelere gatnaşmagyň we kämilleşmegiň ähmiýetleri barada çykyş etdiler. Sessiýada “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň adyndan, özüni şeýle çärelere işjeň gatnaşyjy hünärmen hökmünde görkezen, Gurbanberdiýew Sapa çykyş etdi. Mundan başga-da, Assosiasiýanyň agzalarynyň hataryndan, gyzyklanmasy bolan hünärmenleri hem bu sessiýa gatnaşmak mümkinçiliginden peýdalandylar.
Hünärmenleriň kämilleşmegi, gönüden-göni olaryň başarnyklaryna we alýan tejribelerine bagly bolup durýar, NG ýaly maksatnamalar bolsa, pudagyň halkara derejeli hünärmenleri bileleşip, olaryň toplan tejribelerini özleşdirmeklige mümkinçilik döredýär.