Halkara ulag daşamalaryna sanly ulgamlary ornaşdyrmak – okuw seminarynyň esasy üns merkezinde.

06.04.2021

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň we “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň wekilleri awtomobil daşamalaryna e-TIR we e-CMR innowasion ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça onlaýn okuw seminaryna gatnaşdylar. Bu seminar, BMG-nyň Ýewropadaky ykdysady komissiýasy tarapyndan, Yslam ösüş bankynyň hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýardam bermegi bilen, e-CMR elektron ýan hatlarynyň artykmaçlyklary barada maglumat bermeklik maksady bilen guraldy. Seminara şeýle-de Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Päkistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň hem-de Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.
CMR konwensiýasynyň taryhy, düzgünleri we onuň goşmaçalary barada maglumatlar seminaryň meýilnamasyna girizildi. Çykyş eden ekspertler, elektron kitabçasynyň (e-TIR) we elektron ýol ýazgysynyň (e-CMR) ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly tejribelerini paýlaşdylar we olaryň durmuşa geçirilmegi, iş alyp barmaklygyň tizliginiň, netijeliliginiň we bäsdeşlige ukyplylygynyň kagyz işi bilen deňeşdirilende has ýokarydygyny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, resminama dolanyşygynyň sanly görnüşe geçirilmegi, esasanam ummanlara çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin ähtmiýetlidigi nygtaldy.
Ulag we logistika proseslerini sanly ulgama geçirmeklik Türkmenistanyň durnukly ösüşine we sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň global durnukly ulag hyzmatdaşlygyny döretmek baradaky başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna gönüden-göni täsir edýär. 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistan we UNCTAD guramasynyň arasynda gol çekilen Hyzmatdaşlyk hakynda Memorandumy, durnukly ösüş üçin global we sebit strategiýalaryny durmuşa geçirmegiň çäginde söwda we transport gatnaşyklaryny sanlaşdyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär.
Gurnaýjylar tarapyndan meýilleşdirilen seminarlaryň ilkinjisi 6-njy aprelde geçirildi. Indiki seminarlar 14-nji aprelde we 18-nji maýda geçirilmegi meýilleşdirilýär.