Geçen hepde, Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy, onuň çygryndaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy, şeýle hem bu wajyp waka bagyşlanan sanly çäreler geçirildi.
Forum ulag we logistika infrastrukturasynyň ykdysady mümkinçiliklerini we ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança hökmünde hyzmat etdi.
Duşuşyga milli ykdysadyýet we maliýe, senagat we energetika ministrleri, nebit-gaz, himiýa, ulag we logistika kärhanalarynyň we birleşikleriniň ýolbaşçylary, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdy.
Umuman, çäre jemi 150-den gowrak wekilleriň gatnaşmagynda geçirildi. Forumyň maksatnamasy «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda, ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri», «Merkezi Aziýa ýurtlarynyň energiýa we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary», «Merkezi Aziýa ýurtlarynda ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlyk» ýaly esasy mowzuklardan ybarat boldy.
Merkezi Aziýa sebiti – Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän, uly üstaşyr mümkinçiliklerine eýe bolan, çalt depgin bilen ösýän bäş döwletiň çäklerini öz içine alýan sebitdir.
Sebit döwletleri söwda dolanşygyny ösdürmek we dünýä bazarynyň üstaşyr toruna goşulmak maksady bilen, “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ýaly halkara ugurlaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallary amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
Hususan-da, bu ýurtlaryň esasy ünsi Günorta Aziýanyň we Günorta Kawkazyň ýollarynyň üsti bilen halkara bazaryna çykmak üçin täze geçelgeleri döretmäge, şeýle hem 2016-njy ýylda Eýran-Oman-Türkmenistan-Özbegistan döwletleri tarapyndan gol çekilen Aşgabat ylalaşygy boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgesini emele getirmäge gönükdirilendir.
Bäş döwletiň integrirlenen ulag ulgamyny döretmek maksady bilen özbek tarapy BMG-niň çäklerinde ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy boýunça Sebit ösüş merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Öz gezeginde, türkmen tarapy Merkezi Aziýa — Hazar — Gara deňiz sebiti ugry boýunça Gündogar Ýewropa çykalgasy boljak, şeýle hem Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ugry boýunça täze ulag-kommunikasiýa ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hökümet derejesinde bäştaraplaýyn işçi toparyny döretmek baradaky teklibini beýan etdi.
Mundan başga-da, Türkmenistan Hazar deňzinde Türkmenbaşy deňiz portunyň mümkinçiliklerini sebitiň ýurtlarynyň ählisiniň bähbitlerine peýdalanmak üçin hödürlemäge taýýardygyny tassyklap, Hytaý bilen Gazagystany, Gyrgyzystan bilen Özbegistany birikdirýän geçelgeleri döretmek üçin gara we demir ýollarynyň gurulmagynyň wajyplygyny belläp geçdi.
Ýokarda beýan edilen ulag-üstaşyr pudagyndaky maksatlarynyň ykdysady taraplary “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň we bäş döwletiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumynyň çäginde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň netijeleri boýunça söwda-ykdysady, energetika we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy alyp barmak boýunça resminamalara gol çekmek çäresi we ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy ýurtlaryň ulag we logistika assosiasiýalary, birleşmeleri we kärhanalary arasynda köptaraplaýyn umumybähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategiki ähmiýetli meýdança bolup hyzmat edýändigini bellemek zerurdyr.