Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Söwda-senagat edaralary strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

02.06.2022

2022-nji ýylyň iýun aýynyň 1-ne Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda wideo aragatnaşygy arkaly maslahat geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň wekilleri, şeýle hem dürli harytlary eksport ediji işewür toparlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow we Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň birinji wise-prezidenti Muhammet Bin Ahmad Al-Kuwari gutlag sözleri bilen çykyş edip, döwletleriň arasyndaky ösüp barýan strategiki hyzmatdaşlygyň saýasynda bu duşuşygyň ähmiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň agrosenagaty, oba-hojalyk we konditer önümçiligi babatda ýetilen sepgitler, şeýle-de gyzyklanma döredip biljek eksport mümkinçilikler barada tanyşdyryş çykyşlary görkezildi. Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerine hem aýratyn üns çekildi.
Wideoşekilli maslahatyň netijesinde, taraplar birek-birege çuňňur minnetdarlyk sözlerini aýdyp, dostlukly döwletleriň arasynda giň ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.