Ulag pudagynyň ösüşi boýunça halkara hyzmatdaşlaryň maslahatynda, Türkmenistanyň alyp barýan ulag syýasaty beýan edildi

01.09.2022

2022-nji ýylyň awgust aýynyň 31-ne, “Merkezi Aziýada ulag we logistika hyzmatdaşlygy” (ULH) jemgyýetiniň agzalarynyň arasynda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň artykmaçlyklaryny ulanmak arkaly ulag we üstaşyr ýük gatnawlaryny ösdürmek ugrundaky birnäçe meseleler boýunça wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň milli koordinatorlary, şeýle hem “TRASEKA” Hökümetara komissiýasynyň we USAID-yň Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasynyň (TCA) Sekretariatlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahaty ULH jemgyýetiniň başlygy L.P.Kislýakowa alyp bardy.
Maslahatyň dowamynda “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasarlary R.Seýidow we S.Amanowa, ulag pudagynda alnyp barylýan döwlet syýasaty barada gürrüň berdiler. Hususan-da, Azerbaýjan we Russiýa bilen parom geçirmesini dikeltmek, täze gämileri gurmak we “Türkmenbaşy” deňiz portunyň we beýleki desgalaryň wekilleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak işleriniň hem-de daşary ýurtly ýük daşaýjylarynyň üstaşyr we erkin üstaşyr geçirijiligini ýola goýmak üçin, “konwoýyň” düzüminde täzeden tirkeme işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, sürüjiler üçin türkmen wizasyny almak işiniň kadalaşýandygy nygtaldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Azerbaýjan we Özbegistan bilen serhet geçelgelerinde ýönekeýleşdirilen tertipde wiza berilmesi barada ikitaraplaýyn şertnamalaryň bardygy habar berildi.
Gazagystanyň portlaryndan Eýrana we ondan aňyry Türkiýä “gury ýük gämileri” bilen konteýner daşamasy meselesinde, maslahata gatnaşyjylar Eýrana we Türkiýä ugrukdyrylýan ýükleri daşamak üçin iň amatly ugur – bu Türkmenistandan üsti bilen gury ýer arkaly, awtoulag hem-de demir ýol ugurlary diýip kesgitlediler.