“Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň agzalary bilen söhbetdeşlik: “At-abraý” kompaniýasy

16.09.2022

“Kompaniýanyň mümkinçilikleri örän uly, şoňa görä-de biz işewür gatnaşyklarymyzy giňeltmäge çalyşýarys” – Balkan Annamyradow, “At – abraý” hojalyk jemgyýetiniň direktory, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasynyň Müdiriýetiniň agzasy.

“At – abraý” kompaniýasy 2013-nji ýylda hususy kärhana hökmünde işe başlaýar, eýýäm 2017-nji ýylda alyp barýan işlerini ep-esli giňeldip, hojalyk jemgyýeti bolýar we ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda belli halkara ýük daşaýjy kompaniýalaryň birine öwrülýär. Belki-de, “At – abraý” ady sizi üstünlige iteriji bir tumara öwrülen bolsa gerek? Galyberse-de, “gämini nähili atlandyrsaň, şol hili-de ýüzer” – diýlip ýöne ýere aýdylýan däldir ahyryn?

– Bilmedim, belki-de munda hakykatdanam jadyly bir zat bardyr, çünki “At – abraý” diýmek, sözme-söz – “abraýly at” manysyny berýär, ýöne bu abraý, elbetde, tutuş toparymyza degişlidir. Olar – iňlis, rus, arap, nemes, fransuz, hytaý we beýleki dilleri bilýän, ýokary derejeli, oňat bilimli hünärmenlerdir. Şonuň üçin hem, biz GDA, Ýewropa, Aziýa we Amerika ýurtlarynyň köpsanly ulag we logistika kompaniýalary bilen işleýäris. Tejribe, başarnyk we işleri ýokary halkara ülňülerine laýyk alyp barmak islegi, kompaniýanyň ýokary abraýly bolmagynyň esasy sebäpleridir.

Kompaniýaňyz işini nähili we nirä bolan ýük daşamasy bilen başlady?

– Ilkinji ýükümiz bolan – oba hojalyk we dokma önümlerini 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasyna awtoulag arkaly daşapdyk. Kompaniýanyň şol wagt bary-ýogy üç sany ýük awtoulagy bardy. We ilkinji üç ýylyň dowamynda biz diňe iki ugur boýunça: Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa we Türkmenistan-Özbegistan-Russiýa ugurlary boýunça ýükleri ugradýardyk.

Häzirki wagtda bolsa kompaniýaňyz düýbünden başga mümkinçiliklere eýe. Nämäniň hasabyna ol şeýle giňeldi diýip hasap edýärsiňiz?

– Mundan öň belläp geçişim ýaly, kompaniýamyzyň topary – bu islendik ýük daşamasyny iň gysga möhletde, ýokary hilli, dolulygyna we oňaýly baha bilen gurnamaga ukyply ýokary derejeli hünärmenlerden ybarat bolup durýar. Bu bolsa müşderilerimiziň artmagyna esas bolup, netijede, gazanylan girdejileriň hasabyna awtoulag parkymyzyň sanawynyň artmagyna we giňelmegine, “Türkmenline” hususy konteýner liniýamyzyň açylmagyna, ammar hojalygynyň döredilmegine, ýükleriň deňiz ekspedisiýa işlerini ýola goýmagymyza, Azerbaýjanda, Gruziýada we Türkiýede şahamçalarymyzyň, Özbegistanda bolsa wekilhanamyzyň açylmagyna getirdi. Ýeri gelende aýtsak, Azerbaýjandaky, Gruziýadaky we Türkiýedäki şahamçalarymyz arkaly, biz Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe we ondan aňyry Ýewropa ýurtlaryna, şeýle hem Azerbaýjanyň üsti bilen Russiýa Federasiýasyna we Ýewropa ýurtlaryna ýük daşamalary amala aşyrýarys. Biziň 50 sany hemişelik müşderilerimiz bolup, olaryň käbiri bilen 2013-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk saklap gelýäris.

Häzirki wagtda “At – abraý” nähili hyzmatlary hödürleýär?

– Ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlarynyň ähli ugurlaryny, ýagny islendik hilli we görnüşli ýükleriň daşamalary, multimodal ýük daşamalary, dellalçylyk hyzmatlary, gümrük taýdan resmileşdiriş we ýük ätiýaçlandyryş, ammarlamak, agentlik  hyzmatlary, ulag logistikasy boýunça maslahat beriş işlerini öz içine alýar. Biz belli brend kompaniýalaryň, import we eksport edijileriň, önüm öndürijileriň we söwda kompaniýalaryň, döwlet guramalaryň we hususy telekeçileriň ählisi bilen hyzmatdaşlyk alyp barýarys.

Kompaniýaňyz haýsy gazanan üstünliklerine buýsanýar?

“At – abraý” ISO, SGS şahadatnamalaryna eýe bolup durýar, şeýle hem halkara deňiz liniýalarynda ýük daşamalaryna gatnaşmaga hukuk berýän BIC býurosynda  hasapda durýar. Mundan başga-da, biz WCA WORLD halkara assosiasiýasynyň agzasy bolup durýarys, bu bolsa kompaniýa bildirilýän uly ynamyň alamatydyr. Şeýle-de, bize Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyna ynsanperwerlik ýüklerini we BMG Ösüş Maksatnamasy boýunça Owganystana ugradylan 50 sany ýörite tehnikalaryny tirkeglerimizde daşamak ynanyldy. Iň uly üstünligimiz bolsa, 2021-nji ýylda Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa, soňra Gara deňziň we Ortaýer deňziniň üsti bilen Pars aýlagyna – Hindi ummanyna – Hytaýa tarap, ilkinji gezek açyk ummana çykyş arkaly amala aşyran ýük daşamamyz boldy. Ol ýükler, öz konteýnerlerimizde daşalan synag toplumydy. Bu biziň geçen iň uzyn logistiki ýol ugrumyz bolupdy.

https://www.high-endrolex.com/33


“At – abraý” mundan beýläk haýsy ugurda ösüşi alyp barar?

– Russiýada, Hytaýda, Ýewropa ýurtlarynda şahamçalarymyzy açmagy meýilleşdirýäris. Şeýle hem, multimodal ýük daşamalary üçin tehnikalar düzümini giňeltmek niýetimiz bar.

Siziň kompaniýaňyz, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasyny döretmek barada başlangyjy ilkinji bolup goldanlaryň biri bolupdy. Ol siziň garaşanlaryňyza laýyk geldimi?

Şübhesiz. Biz assosiasiýanyň döredilmeginiň başyny başlanlaryň biridik, häzir bolsa müdiriýetiniň agzasy bolup durýarys. Assosiasiýany döretmegiň zerurlygyny we ähmiýetini biz esasanam pandemiýa döwründe ýük daşamalarynda kynçylyklar ýüze çykan wagty duýduk. Assosiasiýa köp soraglary, şol sanda ýurdumyzyň döwlet gurluşlary derejesindäki soraglary wagtly-wagtynda çözmeklige gatnaşyp başlady. Mundan başga-da, “Türkmen Logistika” Assosiasiýasy tarapyndan daşary ýurt ulag-logistika assosiasiýalary bilen gurnalýan duşuşyklar täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaklyga mümkinçilik döredýär.

Köp sag boluň, kompaniýaňyza mundan beýläk hem üstünlikleri arzuw edýäris.