Türkmenistanda kagyzsyz serhetara söwdasyna taýýarlyk boýunça geçirilen işleriň jemi barada hasabatynyň maslahaty geçirildi

19.09.2022

Sentýabr aýynyň 19-na BMG-nyň Merkezi binasynda Türkmenistanda kagyzsyz serhetara söwdasyna taýýarlyk boýunça meseleleri ara alyp maslahatmak üçin duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň, Birleşen Milletler guramasynyň Aziýa we Okeaniýa boýunça Ykdysady we jemgyýetçilik komissiýasy, şeýle hem Birleşen Milletler guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliýeti bilen bilelikde guralan bu duşuşyk garyşyk şekilde amala aşyryldy.
Maslahata Türkmenistanyň Söwda we beýleki ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň wekilleri, şeýle hem “Türkmen Logistika” Milli Assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, “Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkeziniň” hünärmenleri gatnaşdylar.  
Duşuşygyň dowamynda kagyzsyz söwda ulgamyny ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda maýa goýum we innowasiýa, ulag, makroykdysady syýasat, daşky gurşaw, jemgyýetçilik meseleleri, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynda ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem, sebitleýin hyzmatdaşlyk esasynda Aziýa – Ýuwaş ummany sebitinde durnukly jemgyýetçilik-ykdysady ösüşine goşant goşmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek barada gyzykly teswirler we teklipler berdiler.